«Amazon» onlaýn-riteýleriniň esaslandyryjysy we öňki eýesi Jeff Bezos LVMH (LVMH Moet Hennessy — Louis Vuitton) fransuz kaşaňlyklaryny öndüriji kompaniýasynyň eýesi Bernar Arnodan dünýäniň iň baý adamlarynyň täze sanawynda öňe geçip, ikinji orny eýeledi. «Bloomberg Billionaires Index (BBI)» bahalandyryş kompaniýasynyň hasabatyna görä, «Amazon» kompaniýasynyň öňki eýesiniň emlägi 2023-nji ýylyň başynda 49,3 milliard dollar artyp, 156 milliarda ýetdi. Arno 6,95 mlrd dollaryny elden giderip, 155 mlrd dollarlyk emlägiň eýesi boldy. «Bloomberg» neşiri LVMH kompaniýasynyň eýesiniň baýlygynyň kemelmegini kaşaňlyk predmetleriniň satuwynyň hümmetsizlenme sebäpli, pese gaçmagy bilen baglanyşdyrýar, esasan hem, şu ýylda amerikaly müşderiler tarapyndan kompaniýanyň önümlerine isleg azaldy. Sanawda ilkinji orny öňküsi ýaly amerikaly işewür Ilon Mask eýeleýär, bu ýyl onuň emlägi 96,8 mrd dollar artdy, muňa «Tesla» kompaniýasynyň paýnamalarynyň 106 göterim gymmatlamagy sebäp boldy. Netijede, Maskyň baýlygy 234 mlrd dollara ýetdi. Sanawda ilkinji bäşlige «Microsoft» kompaniýasynyň esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts (125 mlrd dollar) we «Google» kompaniýasyny esaslandyryjylaryň biri Larri Peýj (124 mlrd dollar) girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir