Şotlandiýanyň Glazgo şäheriniň ýerli muzeýlerinden 2 müňe golaý eksponaty, şol sanda nusgawy heýkeltaraş Ogýust Rodeniň eserini tapanoklar diýip, «Gazeta.ru» habar berdi. Ýagny Glazgo şäheriniň «Glasgow Museums» jemagat muzeýleri bileleşigi 1750 sany taryhy gymmatlygyň ýerleşýän ýerini kesgitläp bilenok, olaryň arasynda muzeýiň 1901-nji ýylda heýkeltaraş Rodeniň özünden satyn alan «Žan d`Eýr» atly gips heýkel eseri hem bar. Heýkeltaraşyň mirasyny öwrenýän hem-de ähli eserleriniň katalogyny düzýän «Rodeniň geňeşi» (Pariž) onuň döreden işiniň ýitmegini gynandyryjy ýagdaý hökmünde häsiýetlendirdi. Bu iş iň soňky gezek 1949-njy ýylda köpçülige görkezildi we şondan soňra ýitdi. Geňeşiň ýolbaşçysy sungat eserleriniň ýitirilmegine olara jogapkärçiliksiz çemeleşme hökmünde baha berdi. Öz nobatynda «Glasgow Museums» bileleşiginiň wekilleri 20 ýyl bäri eksponatlaryň katalogynyň düzülýändigini, şunuň bilen bir wagtda öň ýiten gymmatlyklaryň gözlenilýändigini habar berdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir