Üçünji ýokary derejeli “Bir guşak, bir ýol” maslahatynyň jemleri boýunça özara arabaglanyşyk, sanly ykdysadyýet, "ýaşyl" ösüş we halkara söwda ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda birnäçe başlangyçlar kabul edildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär. Bellenilişi ýaly, foruma gatnaşyjylar şu resminamalary kabul etdiler: “Bir guşak, bir ýol” üçünji ýokary derejeli maslahatynyň jemleri boýunça Özara baglanyşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” sanly ykdysadyýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk atly Pekin başlangyjy; “Guşak we ýol” “ýaşyl” ösüş boýunça Pekin başlangyjy; Sanly ykdysadyýet we “ýaşyl” ösüş üçin halkara söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň esaslary boýunça başlangyç. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde “ýaşyl” ylmy we tehnologiýany ösdürmek babatda iş meýilnamasyny bilelikde durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir