Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde üçünji ýokary derejeli "Bir guşak, bir ýol" maslahatynyň çäklerinde geçirilen çärelere örän işjeň gatnaşdy. "Türkmenistan" gazetiniň şu günki sanynda habar berlişi ýaly, “Bir guşak, bir ýol” üçünji halkara forumynyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde ulag-kommunikasiýalaryň ösdürilmegine, ekologiýa taslamalarynyň we sanly ykdysadyýetiň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan ýokary derejeli 3 forum geçirildi. Mundan başga-da, daşary söwda gatnaşyklaryny, medeni-ynsanperwer, seljermeler merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk, sebitara hyzmatdaşlygy we deňiz taslamalaryny ilerletmek meselelerini öz içine alýan 6 maslahat, işewür toparlaryň wekilleriniň uly ýygnagy geçirildi. Şunuň bilen birlikde, anyk maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli täze ylalaşyklara gol çekildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir