Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýew Respublikanyň Senatynyň «Merkezi Aziýa — Fransiýa» parlamentara toparynyň başlygy Erwe Mori bilen duşuşyp, türkmen mejlisiniň wekiliýetiniň ýurda boljak saparynyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada ilçihana habar berýär. «Ikitaraplaýyn gatnaşyklar nukdaýnazaryndan türkmen tarapy hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirdi. Dürli çäreleri guramak üçin özara saparlar, şeýle hem Türkmenistan Mejlisiniň wekiliýetiniň Fransiýa sapary ýaly pikirler teklip edildi» diýlip, habarda aýdylýar. Senator türkmen tarapynyň teklibine begenç bilen jogap berdi we Mejlis deputatlarynyň saparynyň ýurtdaky özgertmelere has gowy düşünmegine hem-de baha bermegine mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Türkmen diplomatlary Türkmenistanyň baştutanlary tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeler we bu ugurda açylýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir