Aýdymçy Pol Makkartniniň we «Wings» aýdym-saz toparynyň sazandalarynyň Ýewropada 70-nji ýyllardaky çykyşlary wagtynda münen awtobusy söwda-satyg auksionyna çykarylar diýip, «Habar 24» ýazýar. Söwdalaşygyň guramaçylary ony 300 müň dollar bahalaýarlar. Awtobusyň daşky görnüşini şol döwrüň ruhuny alamatlandyrýan hippi stilindäki nagyşlar bezeýär. Awtobus soňky birnäçe ýyl Ispaniýada saklandy, ony doly abatlap, ilkibaşky görnüşine getirdiler. Awtobus aýdym-saz çykyşlary wagtynda 7 müňden gowrak mil geçdi we 9 sany Ýewropa ýurdunda boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir