«NG Kutahya» türk haryt nyşanynyň abatlaýyş we jaýy abadanlaşdyrmak üçin niýetlenen harytlarynyň dükany önümleriň ähli görnüşine 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär. Aksiýa 2023-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder. «Biz dükanda hödürlenýän ähli görnüşlere ägirt ult arzanladyş yglan edýändigimiz üçin şatdyrys. Bu jaýyňyzyň ýa-da ýaşaýan öýüňiziň içini amatly bahalardan abadanlaşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir» diýip, «NG Kutahya» dükanynyň wekili belledi. Şu ýylyň ahyryna çenli asyl bahasynyň ýarysyna santehnika enjamlaryny we hammam otagy üçin mebelleri, kranlary, duş ulgamlaryny, aksessuarlary we goşmaça bölekleri, ýyladyş radiatorlaryny, pollary we diwarlary bezemek üçin keramogranitiň dürli görnüşlerini, laminatlary, şeýle hem bagbançylyk mebellerini, bio-kaminleri we olar üçin ýangyjy (bio-etanol) satyn alyp bilersiňiz. «NG Kutahya» dükanynyň hödürleýän önümleriniň baý görnüşlerii bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby, senagat zolagynyň çägi, «NG Kutahya» binasy. Habarlaşmak üçin telefon: 611 611.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir