Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Pekinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmagyň möhümdigini belläp geçdi. Bu barada TDH habar berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar 2 müň ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýär. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadag Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap geçen Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň şerti bolandygynyň hemmelere mälimdigini belledi. Sebitde durnukly ösüşi üpjün etmek barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň wajypdygyny belleýärin. Köp ýyllaryň dowamynda bu başlangyç Ýewraziýa sebitinde söwda we medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etdi - diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir