Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadag Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarda soňky ýyllarda gazanylan özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we açyklygyň derejesiniň ýokarydygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça yzygiderli, gyşarnyksyz we maksada okgunly ösdürilýär. Biz bu hyzmatdaşlygy ösdürip we giňeldip, türkmen we hytaý halklarynyň dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk taryhy gatnaşyklaryna, olaryň birek-birege çuňňur hormat goýmagyna, iki döwletiň häzirki halkara syýasatyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyna, hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna, taraplaryň uly ykdysady kuwwatynyň bardygyna daýanýarys - diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Gahryman Arkadagyň belleýşi ýaly, hyzmatdaşlygyň şeýle häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Hytaýyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelmek bilen, halkara durnuklylygy we howpsuzlygy saklamaga hem-de pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar, derwaýys sebit meseleleriniň ençemesini çözmäge ýardam edýär, Aziýa yklymynda söwda-ykdysady işleri çaltlandyrmagyň we giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga berk meýillidir, şeýle hem syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi dowam etmäge taýýardyr - diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir