Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany gyş möwsüminde belleniljek toý dabaralary üçin sargytlary kabul edip başlaýar. «Ak Ýol» toý mekanynda durmuş toýy bolsun ýa-da başga dabara hatda ýylyň iň sowuk döwründe-de ýokary derejede geçýär. Ýokary derejeli howa gözegçilik ulgamy giňişligiň içinde oňaýly howanyň bolmagyny üpjün edip, amatly we döwrebap bezelen zal özünde müň adama çenli myhmany ýerleşdirmäge ukyplydyr. Bu ýerde dünýäniň hem-de milli aşhananyň dürli görnüşli naharlaryndan ybarat bolan tagamnama hem-de tejribeli hyzmat edýän hünärmenler myhmanlaryň hyzmatynda. Çagalar üçin toý mekanynda ýörite enjamlaşdyrylan, animatorly oýun meýdançasy bolup, ol toýuň kiçijik myhmanlarynyň wagtyny hoş geçirmeklerine ýardam edýär. Şeýle-de «Ak Ýol» toý mekanynyň administrasiýasy däp bolşy ýaly, ýaş çatynjalara ýetirilýän sowgatlar — toý guraýan ýaşlar üçin myhmanhanadan lýuks otag, «Lincoln» kabriolet gelnalyjy ulagy, yşyklandyryş we aýdym-saz hyzmatynyň tölegsiz ýetirilmegi, lazer we emeli tüsse şüweleňi barada ýatladýar. Toý dabarasyny bellemek meselesinde «Ak Ýol» toý mekanynyň esasy tapawutly tarapy bu ýerde 36 aý garaşaryna bölekleýin töleg geçirmek şerti bilen toý edip bolýanlygydyr. «Ak ýol» toý mekany myhmanlara şu salgyda garaşýar: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk köçesi, 15-nji jaý, Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir