Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy 17-nji oktýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimli dabaranyň çäginde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy. Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günlerine uly gyzyklanma bildirilýändigine Mukamlar köşgünde geçirilen çärä köp sanly adamlaryň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Bu ýere medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary we doganlyk tatar halkynyň sungatynyň muşdaklary ýygnandylar. Myhman wekiliýetiň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Tatarystan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň işgärleri bar. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Irada Aýupowanyň döredijilik çäresiniň açylyş dabarasyndaky çykyşynda bu sungat baýramçylygynyň däp bolan dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen türkmen-rus ynsanperwer dialogyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti nygtaldy. Çäräniň dabaraly bölümi tamamlanandan soňra Tatarystan Respublikasynyň aýdymçylarynyň, meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmaklarynda giň gerimli konsert ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyk konserti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet halk sazlary ansamblynyň «Milli äheň» atly aýdymly we tansly kompozisiýasy bilen açyldy. Artistler sazyň, aýdymdyr tansyň bitewi sazlaşygy arkaly tomaşaçylara tatar halkynyň milli ruhuny açyp görkezdiler. Tatarystan Respublikasynyň halk we at gazanan artistleriniň ýerine ýetirmeklerinde ýaňlanan «Nar agajy» atly türkmen halk aýdymy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Döwlet halk sazlary ansamblynyň ýerine ýetiren gadymy türkmen küştdepdi tansy dabaranyň iň şowhunly çykyşlarynyň birine öwrüldi. «Premýer» aýdymçylar toparynyň «Bedew» atly kapellasynyň şirin mukamy we täsirli sözleri ähli diňleýjilerde ýakymly duýgulary oýardy. Konsert milli tatar sungatynyň giň mümkinçiliklerini şöhlelendirýän çykyşlaryň köpdürlüligi bilen tapawutlandy. Onuň maksatnamasy tatar halkynyň milli däp-dessurlaryny açyp görkezýän ajaýyp saz eserlerinden, özboluşly aýdym, tans, halk döredijilik çykyşlaryndan ybarat boldy. Tatar sungat işgärleri tomaşaçylara özleriniň ussatlyklaryny we ýürekleriniň joşgunyny görkezdiler. Olaryň çykyşlary şowhun bilen garşy alyndy. Döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bolsa baýramçylyk çykyşlaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. özboluşly aýdym, tans, halk döredijilik çykyşlaryndan ybarat boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir