Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi gurnaldy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň eserleriniň, Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärlikleriniň fotosuratlarynyň sergisi geçirildi. Bu ýerde häzirki zaman senetçileriniň işleri, şol sanda milli lybaslaryň zerli keşdeleri, zergärler tarapyndan taýýarlanan nepis şaý-sepler, neçjarlaryň eserleri, kalligrafiýa sungaty, derä çekilen şekiller, milli nagyşlar görkezildi. Häzirki döwürde bu senetler okgunly ösüş ýoluna düşdi. Halk senetçileri milli nagyşlary we däp bolan usullary peýdalanmak bilen, döwrüň ruhuna gabat gelýän sungat eserlerini döredýärler hem-de olary nesilden-nesle geçirýärler. Sergä gatnaşyjylar diňe sergide ýerleşdirilen özboluşly eserlere baha bermek bilen çäklenmän, eýsem, olary taýýarlamagyň usullary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik aldylar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş sungaty eserleriniň, Tatarystanyň häzirki döwürde gazananlaryna, taryhyna, onuň paýtagty Kazana — Ýewropanyň we Aziýanyň serhedinde ýerleşýän gadymy şähere bagyşlanan fotosuratlaryň sergisi gözden geçirilişiň üstüni ýetirdi. Mälim bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagty Bütindünýä mirasynyň şäherleriniň sanawyna girizildi we ÝUNESKO-nyň diplomlarydyr medaly bilen sylaglandy. 2009-njy ýylda Kazan şäherine resmi taýdan «Russiýanyň üçünji paýtagty» diýip atlandyrmak hukugy berildi. Şu gün — 18-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki şäherde — Aşgabat we Mary şäherlerinde dowam eder. Dostlukly ýurduň sungat işgärleri Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş ederler hem-de Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlärler. Şu gün — 18-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halkyň çeper döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek» atly «tegelek stol» duşuşygy guralar. Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de «Ibn Fadlan» we «Tarlan» kinofilmleriniň görkezilişi bolar. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dostluk konserti bilen tamamlanar. Şeýle hem jemleýji günüň medeni maksatnamasy Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenji, «Aşgabat» kinoteatrynda «Isenmesez» atly çeper filmiň görkezilişini öz içine alar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir