«FourFourTwo» britan žurnalynyň düzen sanawyna görä, Argentinanyň, «Boca Huniors» we «Riwer Pleýt» toparlarynyň arasyndaky gapma-garşylyk futboldaky esasy derbi diýlip ykrar edildi. Argentinanyň Superklasikosyna: «Duýgularyň, şowhunyň, atmosferanyň we çuňňur duşmançylygyň güýji bilen başga hiç zat deňeşdirilip bilinmez» diýlip, baha berilýär. Ikinji orny Şotlandiýanyň Glazgo şäheriniň «Seltik» we «Reýnjers» klublarynyň arasyndaky derbi, üçünji orny bolsa Ispaniýanyň «Real Madridi» bilen «Barselonanyň» arasyndaky gapma-garşylyk eýeleýär. Iň iri we iň gapma-garşylykly 32 derbiniň ilkinji onlugyna şular girýär: «Riwer Pleýt» – «Boka Huniors» (Argentina); «Seltik» – «Reýnjers» ​​(Şotlandiýa); «Real Madrid» – «Barselona» (Ispaniýa); «Fenerbahçe» – «Galatasaraý» (Türkiye); «Borussiýa Dortmund» – «Şalke» (Germaniýa); «Mançester Ýunaýted» – «Liwerpul» (Angliýa); «Roma» – «Lasio» (Italiýa); «Al-Ahli» – «Zamalek» (Müsür); «Marsel» – «PSŽ» (Fransiýa); «Milan» – «Inter» (Italiýa).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir