«Bowers & Wilkins» britan audiotehnikalary öndüriji kompaniýa «McLaren Automotive» awtobrendi bilen bilelikde «McLaren Edition» ýazgyly «Zeppelin» seriýasyna degişli täze ses güýçlendiriji enjamy (kolonkany) hödürledi. Bu barada maglumat audiobrendiň resmi «X» (Twitter) hasabynda peýda boldy. «McLaren Edition» «Zeppelin» seriýasyna degişli, ýöne özboluşly dizaýna eýe bolan nusgawy kolonkadyr. Täze enjamyň tapawutly aýratynlyklary «Papaya Orange» diýlip atlandyrylýan «McLaren» reňkine reňklenen direginiň, düwmeleriniň we arka paneliniň bolmagydyr. Beýleki daşky elementleriň hemmesi çal reňkdedir. Kolonka bäş sany dinamik bilen üpjün edildi: iki dýuýmlyk ýokary ýygylykly twitter, diametri 3,5 dýuým bolan iki sany orta ýygylykly dinamik we bir alty dýuýmlyk sabwufer. Ses güýçlendirijiniň kuwwaty 240 Wt-a deňdir. «Bowers & Wilkins Zeppelin McLaren Edition-da» «Bluetooth 5.0» we «AirPlay 2» simsiz birikme standartlary bar, şeýle hem ol «aptX Adaptive», «AAC» we «SBC» kodeklerini goldaýar. Kolonka eýýäm birnäçe ýurtda 899 dollar bahadan öňünden sargyt etmek üçin elýeterlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir