Edinburg uniwersitetiniň, Londonyň Imperial kollejiniň we Pirbraýt institutynyň alymlary guş dümewine garşy durnukly towuklary döretmek üçin gen redaktirlemesini ulandylar. Bu kesel guşçylyk pudagyna uly ýitgiler getirýär. Britan alymlary «ANP32A» belogynyň bölünip çykarylmagyna jogapkär DNK bölümini üýtgetdiler. Dümewiň wirusy bedene aralaşyp, köpelmek üçin bu molekulany ulanýar. Synagyň çäklerinde «redaktirlenen» towuklar «H9N2-UDL» guş dümewi wirusynyň adaty dozasyna sezewar edildi. 10 guşdan dokuzy kesellemedi we wirusy beýleki towuklara geçirmedi. Towuklar soňra wirusyň ýokary dozasyna sezewar boldular. Şeýle-de bolsa, toparyň diňe ýarysy – bäş towuk keselledi. Ýöne kesellänleriň bedenindäki wirusyň mukdary garaşylýandan has az çykdy. Alymlar «ANP32A» belogynyň ýoklugynda wirusyň oňa ýakyn bolan iki sany «ANP32B» we «ANP32E» beloklary bilen uýgunlaşandygyny anykladylar. Şonuň üçin olar bu üç sany belogy öndürmäge jogapkär DNK-nyň goşmaça bölümlerini üýtgetdiler. «Genleri redaktirlemek nesilden-nesle geçýän hemişelik kesele garşy durnuklylyga tarap ýoly hödürleýär. Bu öý guşlaryny goramak bilen, adamlar we ýabany guşlar üçin töwekgelçiligi azaldýar» diýip, awtorlar belleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir