Türkmenistanda “Arkadagyň säheri” halkara kinofestiwaly geçirildi. Festiwalda Russia Today teleýaýlymy “Ahalteke atlary – asman atlary” filmi üçin ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu barada MIR 24 habar berýär. Filmiň awtorlary Türkmenistanda atçylygyň we atçylyk sportunyň ösdürilişi, şeýle-de gadymy ahalteke tohumyny köpeltmek üçin ýurduň hökümeti tarapyndan görülýän çäreler barada gürrüň berýärler. “Kinofestiwal ilkinji gezek geçirilýär. Meniň pikirimçe, onuň ýyllyk festiwal bolmaga ähli mümkinçiligi bar, sebäbi guramaçylyk, hemişekisi ýaly, ýokary derejede, hemmeler örän mähirli, myhmansöýer” – diýip, režissýor Ýelena Norkunaýte belleýär. Şeýle-de, Türkiýäniň teleradiokompaniýasy hem gatnaşandygy üçin ýörite baýrak aldy. Ol tomaşaçylara Merkezi Aziýanyň gadymy şäherleri barada gysga metražly filmleri hödürledi.