Katarly şeýh Jasim ben Hamad Al-Tani Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubuny satyn almak baradaky teklibini yzyna gaýtarýar. Bu barada Associated Press agentligine salgylanyp, sport-interfax.ru ýazýar. Şeýh 2005-nji ýyldan bäri kluba eýeçilik edýän Gleýzerler maşgalasyndan topary satyn almaga esasy dalaşgärleriň biri hasaplanýardy. Şeýle-de, kluby Ineos himiýa kompaniýasynyň başlygy Jim Retkliff we finlýandiýaly telekeçi Tomas Zilliakus satyn almak isleýär. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Al-Tani “Mançester Ýunaýted” üçin 3,2 mlrd dollar bolan bazar bahasyndan iki esse tölemäge taýýardy. Şol bir wagtyň özünde, Sky Sports Retkliffiň klubuň 25%-i üçin 1,3 mlrd funt ($1,58 mlrd) töläp biljekdigini ýazýar. Angliýanyň Premýer-ligasynyň häzirki möwsüminde “MÝ” sekiz oýunda dört ýeňiş gazanyp we dört ýeňlişe sezewar bolup, 10-njy orny eýeleýär. Topar şu möwsümde Çempionlar ligasynda “Bawariýa”, “Kopengagen” we “Galatasaraý” bilen bir toparda çykyş edýär. Häzire çenli ol “Galatasaraýdan” (2:3) we “Bawariýadan” (3:4) utuldy. Toparyň eýesi Manchester United kompaniýasynyň kapitallaşdyrmasy ýylyň başyndan bäri 14% azaldy.