2023-nji ýylyň ýanwar – sentýabr aýlarynda Azerbaýjana Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 95 871 syýahatçy bardy, bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwründäki görkezijiden (73 823) 29,87% ýokarydyr diýip, Trend habar berýär. Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň maglumatlaryna görä, Gazagystandan baran syýahatçylaryň sany 42 124 adam (bir ýylda 88,28% ösüş), Özbegistandan – 27 976 adam (bir ýylda 59,16% ösüş), Türkmenistandan – 18 494 adam (bir ýylda 2,87 esse ösüş), Gyrgyzystandan – 3 841 adam (bir ýylda 77,74% ösüş), Täjigistandan – 3 436 adam (bir ýylda 86,94% ösüş) boldy. Belläp geçsek, hasabat döwründe Azerbaýjana jemi 1 536 375 syýahatçy bardy (32,11% ösüş). 2017 – 2022-nji ýyllar aralygynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Azerbaýjana 411 141 adam bardy (Gazagystandan 167 052, Türkmenistandan 119 201, Özbegistandan 96 278, Gyrgyzystandan 15 467, Täjigistandan 13 143 adam).