Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýerine ýetiriji komiteti tomusky Olimpiada — 2028 oýunlarynyň tertipnamasyna sportuň 5 sany täze görnüşiniň goşulýandygyny tassyklady. Los-Anželesde (ABŞ) geçjek ýaryşyň tertipnamasyna sportuň baýdak-futbol, kriket, lakross, skwoş hem-de beýsbol görnüşleri hem girizildi. «Hödürlenen sportuň 5 görnüşi dolulygyna amerikan sport medeniýetine laýyk gelýär. Olar dünýäde sportuň şanly amerikan görnüşlerini dabaralandyrar. Bu görnüşleriʼn tomusky Olimpiadanyň tertipnamasyna kabul edilmegi olimpiýa hereketine täze türgenler jemgyýeti, şeýle-de ABŞ-nyň we dünýä ýurtlarynyň janköýerleri bilen özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge şert döreder» diýip, Halkara Olimpiýa Komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir