Şu gün Arkadag şäherinde «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda uly ruhubelentlige beslenip geçirildi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan bu medeni çäräniň Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilendigini bellemek gerek. Dabaraly çäräniň başynda türkmen bagşy-sazandalarynyň çykyşy oňa özboluşly bezeg berdi. Dabaraly çärä Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, fotohabarçylar, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary, şeýle-de Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň kino işgärleri, artistleri, režissýorlary, prodýuserleri, film we teatr ýyldyzlary gatnaşdylar. Halkara kinofestiwalyň ilkinji gününiň wakalary baradaky wideofilmiň görkezilişi dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Çäräniň barşynda halkara forumyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem boldy.