Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Arkadag şäherindäki Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Medeni çäräniň barşynda halkara kinofestiwalda üstünlikli çykyş eden kino işgärlerini sylaglamak dabarasy hem geçirilip, olara degişli diplomlar gowşuryldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, Gazagystanyň «Gopuz», Täjigistanyň «Sary çeşme», Türkmenistanyň «Toý köýnek», «Umyt», «Nesibe», Özbegistanyň «Üzüm», «Meniň arzuwym Özbegistan», Gyrgyzystanyň «Umyt», «Öz kakasynyň ogly», «Poçtaçy» filmleri, Russiýanyň «Ahalteke» atly filmi, şeýle hem TRT teleýaýlymynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkiýäniň «Bozdag» Group kompaniýasy diplomlara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Soňra kinofestiwalda 3-nji orny eýelän Gazagystanyň «Sary ömür» filminiň hem-de 2-nji orny eýelän Gyrgyzystanyň «Gelin heýkeli» filminiň döredijilik toparlaryna baýraklar gowşuryldy. Halkara kinofestiwalda 1-nji orny eýelän türkmenistanly režissýor Sapardurdy Annaýewe «Kagyza ýazylan ykbal» filmi üçin Arkadag şäherindäki «Akhan» binasynyň keşbindäki kubok dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Türkiýe Respublikasyndan kinorežissýor Mehmet Bozdag hem-de «Russia Today» teleýaýlymynyň habarçysy we režissýory Ýelena Norkunaýte ýörite sylaglara, gymmat bahaly sowgatlara mynasyp boldular. Dabara Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Meşhur türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde fransuz, türk, rus, gyrgyz, täjik, gazak, azerbaýjan we özbek dillerinde aýdymlar ýaňlandy. «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym dabaraly çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.