Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Halkara kinofestiwalyň jemleýji gününiň çäreleriniň çäklerinde onuň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy-da geçirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaraly çäräniň barşynda şeýle-de gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, geljek ýyl Türkmenistanda «Gorkut ata» kinofestiwalynyň geçiriljekdigi barada aýdyldy. Şu mynasybetli sahna Türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana berlen hem-de «Gorkut ata» kinofestiwalynyň nyşany bolan «Durna» heýkeljigi çykaryldy. Ol indiki ýyl ýeňşe mynasyp bolana gowşurylar. Halkara kinofestiwalyň ýapylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir