Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 65-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni hem-de suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. TDH-niň ýazyşy ýaly, portlandsement Owganystanyň, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Şeýle hem daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyz Respublikasynyň işewürleri nah ýüplügi, ýorgan-düşek toplumlaryny, boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million 36 müň dollaryndan gowrak boldy. Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen jemi bahasy 137 million 190 müň manatdan gowrak bolan armaturany, polipropileni, nebit ýol bitumyny, elde dokalan halylary we nah ýüplügi satyn aldylar.