Günbatar sebitiň Uly Balkan dagynyň alkymynda aýratyn bir şäherçäni ýada salyp oturan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkansement» zawodynyň işçileridir hünärmenleri tutanýerli zähmet çekýärler. Kärhananyň karýer hojalygyndan başlap, çig maly owradyjy, üweýji, bişiriji bölümlerinde, şol sanda sement degirmenlerinde üznüksiz işleriň ähli tapgyrlary awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi. Awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümleriniň hem-de dolandyryş merkeziniň işleri kompýuterler arkaly sazlaşykly ýola goýlup, bökdençsiz üpjün edilýär. Öndürilýän ýokary hilli önümler bolsa welaýatyň we ýurduň çägindäki sarp edijilere buýurmalar esasynda yzygiderli ugradylýar. Şu ýylyň geçen döwründe hem olara 600 müň tonna golaý ýokary hilli sement iberildi. Ýeri gelende bellesek, sement öndürmek we gurluşyk senagatyny ösdürmek üçin zerur bolan çig mallar gürrüňi edilýän zawodyň golaýynda ýerleşýän dag-magdan käninden gazylyp alynýar. Munuň özi dünýäniň hil ülňülerine laýyk gelýän sement önümçiligini gysga wagtda çalt depginlerde giňden guramaga mümkinçilik berýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir