Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň üstünden geçip, Hytaýy Ýewropa bilen birleşdirýän Günorta geçelge uly mümkinçilige we ýokary geçirijilige eýedir. Bu barada Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Ženewada Eýranyň gümrük gullugynyň ýolbaşçysy Mohammad Rezwanifar bilen geçirilen soňky gepleşiklerde aýtdy. Duşuşykda taraplar halkara üpjünçilik zynjyrynda bolup geçen soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdylar, Eýranyň gündogar bilen günbatary, şeýle hem demirgazyk we günortany birleşdirýän möhüm üstaşyr ýurtdugyny bellediler. Bellenilişi ýaly, serhet geçelgelerini tertipleşdirmek we gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmek, şol sanda TIR ulgamy ýaly öňdebaryjy tejribäni we global ülňüleri ulanmak arkaly ulag çykdajylaryny we wagtyny azaldyp, geçelgeleri optimizirläp boljakdygy hakynda pikir alyşdylar. Iki tarap hem serhet geçelgelerini ýönekeýleşdirmek we Eýranda üstaşyr geçmegi ýeňilleşdirmek, şol sanda söwdanyň we üstaşyr geçişiň möçberini artdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen, üstaşyr geçiş döwründe ýüze çykýan kynçylyklaryň derňewini geçirmek arkaly hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir