Dogry saýlanan yşyklandyryşyň kömegi öýde rahatlygy döretmek, amatly iş ýerini emele getirmek, otagyň içki gurluşynyň üstüni ýetirmek ýaly meseleleriň hemmesini Aşgabatdaky «Şem Electric» yşyklandyryş enjamlarynyň dükany çözmäge ýardam eder. Bu ýerde dürli elektrik yşyklandyryş we LED önümleri – ajaýyp lýustralar, bralar, torşerler, stol çyralary, şeýle hem otagyň içerki aýratynlyklaryny we kompozisiýalaryny tapawutlandyrmak üçin LED yşyklandyryjylar hem-de lentalar, beýleki ýagtylyk çeşmeleri hödürlenýär. Häzirki wagtda öňdebaryjy öndürijileriň spot çyralarynyň täze tapgyrynyň gelip gowuşmagy netijesinde bu meşhur yşyklandyryjy enjamyň görnüşleri has-da artdy, şeýle hem dükanda spot çyralarynyň häzirki zaman bezeg bölekleri, bir, iki we üç çyraly nusgalar hödürlenýär. Yşyklandyryş enjamlarynyň köp sanlysy görnüşleriniň köpdürlüligi, hili we özboluşly şekili bilen tapawutlanýan «Ozcan» türk haryt nyşanyna degişlidir. Şeýle hem dükanda goşmaça enjamlar we esbaplar, elektrik çekmek üçin zerur harytlar: rozetkalar, öçürip-ýakma düwmeleri (wyklýuçateller), bezeg örtükleri (çarçuwalar), elektrik hasaplaýjy enjamlar üçin giriziş gurluşlary we ş.m. hödürlenýär. Tejribeli geňeşçiler harytlary saýlamaga kömek ederler, şeýle hem olar otagyň niýetlenilişini we stilini göz öňünde tutup, onuň yşyklandyryşy bilen bagly meseleleri çözmek boýunça professional maslahatlary berip bilerler. «Şem Electric» dükanyndan ajaýyp bonus – satyn alnan harytlary Aşgabadyň hemme ýerine mugt eltip bermek we yşyklandyryş önümleriniň ähli görnüşine 10% arzanladyş. «Şem Electric» dükanynda hödürlenýän yşyklandyryş önümleriniň görnüşleri bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, G. Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., «Begler ýoly» binasy, 1-nji gat, 7-nji dükan. Telefonlar: (+993 61) 78 88 82, (+993 65) 85 34 05. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir