Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli ertir — 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Türkmen alabaýy — 2023» atly zehinli talyplaryň döredijilik eserleriniň sergisi açylýar. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungaty boýunça milli miras bilen birlikde, türkmen alabaý itlerine degişli eserler görkeziler. Sergide 200-den gowrak eser hödürlener. Emin agzalary şu ýyl 29-njy oktýabrynda bellenilýän baýramçylygyň öňüsyrasynda bäsleşigiň netijelerini jemlärler. Sergi sagat 15:00-da açylar. Ozal biz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bäsleşikleriň geçiriljekdigi barada habar beripdik.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir