Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Pekin şäherinde Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçysy Wan I bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi. Taraplar ýurtlaryň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, şeýle hem Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjyny Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen birleşdirmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Raşid Meredow türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň bar bolan uly mümkinçilikler goruny ozal baglaşylan şertnamalaryň çäginde mundan beýläk hem netijeli ulanmaga umyt bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir