Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Türkmenistany Pekin şäherinde geçirilýän «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumyna gatnaşmagy bilen gutlady. Bu barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berdi. Hytaýyň daşary işler ministri türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen bolan duşuşygynda Türkmenistanyň bu möhüm çärä gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösmegine we dürli möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine itergi berjekdigini aýtdy. Şeýle-de Wan I Türkmenistanyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjyny durmuşa geçirmekde Hytaýyň esasy hyzmatdaşydygyny sözüniň üstüne goşdy. «Bir guşak — bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumy 17-18-nji oktýabrda Pekinde geçiriler. Forumyň esasy temasy «Bir guşak — bir ýoluň ýokary hilli gurluşygy, umumy ösüşiň we abadançylygyň bilelikde gazanylmagy» diýlip atlandyrylar.