Aşgabatda 14 — 16-njy noýabr aralygynda IV Halkara teatr festiwaly geçiriler. G.Kamala adyndaky Tatar döwlet akademiki teatry oňa gatnaşjakdygyny eýýäm tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň Metbugat gullugy habar berýär diýip, «Orient» ýazýar. Aşgabatda III Halkara festiwalyň 4 ýyl ozal, 2019-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilendigini bellemelidiris. Oňa ABŞ, Russiýa, Estoniýa, Türkiýe, Eýran ýaly 12 ýurtdan döredijilik toparlary gatnaşdy. Halkara festiwalyň çäginde paýtagtyň teatrlarynda daşary ýurtly artistleriň ussatlyk sapaklary geçirildi we çykyşlar guraldy. Festiwal milli teatr sungatyny ösdürmegi, halkara tejribesi bilen baýlaşdyrmagy we Türkmenistanyň dünýäniň teatr giňişligindäki abraýyny artdyrmagy maksat edinýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir