Belarus Respublikasynda traktoryň güni bellendi, mundan 70 ýyl öň Minsk şäherindäki zawoddan bu oba hojalyk tehnikasynyň ilkinjisi çykdy. Sene bilen baglylykda, Minskde traktorly ýaryşlardyr sergi guraldy diýip, «MIR 24» habar berdi. Belarusda öndürilýän gök reňkli traktorlary dünýäniň köp ýerinde tanaýarlar. Ony hemme ýerde: ekin meýdanlarynda we garly ýollary arassalamakda peýdalanýarlar. Häzire çenli zawodyň öndürýän tehnikasynyň iri göwrümli ýük göteriji görnüşlerden başlap, sürüjisiz görnüşlerine çenli ýüzlerçe kysymy peýda boldy. Traktor baýramçylygynyň dowamy agşam belarusly artistleriň aýdym-sazly konsertine ulaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir