16-njy oktýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkeziniň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda «Dünýäniň beýik gazalçy şahyry Hafyzy ýatlama güni» atly çäre geçirildi. Oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Hales, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary, şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Golam Abbas Arbap Halesiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuliniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektorynyň çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de Hafyzy ýatlama gününe bagyşlanan wideoşekil görkezildi, Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkeziniň pars dilini öwrenijileri tarapyndan Hafyzyň durmuşy bilen bagly sahna oýny ýerine ýetirildi hem-de Magtymgulynyň we Hafyz Şirazynyň goşgularyny pars dilinde çeper okaýyşlar boldy. Çäre TMDDI-nyň talyplarynyň ýerine ýetirmegindäki Hafyzyň pars dilindäki goşgusyna döredilen aýdym bilen jemlendi. Çäreden soňra ähli çykyş eden talyplara we pars dilini öwrenijilere Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy hem-de çärä gatnaşanlara eýran we türkmen halklarynyň süýji nygmatlaryndan hödür-kerem edildi.