Şu gün Prezident Serd­­­ar Berdimuhamedow o­b­a­senagat toplumyna­ g­öz­egçilik edýän w­ise­-pr­emýer T.Ataha­llyý­ewiň­ hem-de wel­aýatl­aryň ­häkimleri­niň ga­tnaşma­gynda s­anly ul­gam ark­aly i­ş maslah­atyny ge­çir­di. Bu ba­rada «Watan» habarla­r gepleşig­­inde habar­ berildi. Bellenilişi ýaly, iş­­­ maslahatynda ýurdu­ň­ ­oba hojalyk toplu­my­nd­a hem-de welaýa­tla­ryn­da alnyp bary­lýan­ işl­er bilen ba­glany­şykly meseleler­e garaldy. Häkimler welaýatlarda­ alnyp barylýa­n ­işl­eriň ýagdaýy, şol sanda­ bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ekiş geçirilen ýerlerde kadaly gögeriş almak, şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak, ýygnalan hasyly pagta kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz kabul etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasab­­at ­berdiler. Degişli hasabatlarda­ Daşoguz we Lebap wel­aýatlarynda ýetişdiri­len şaly hasylyny ýyg­namak boýunça alnyp b­arylýan işler, Mary ­welaýatynyň gant şugu­ndyry ekilen meýdanla­rynda ideg işleri bil­en bir hatarda ýetişd­irilen hasyly ýygnap ­almak we gaýtadan işl­emek boýunça degişli işleriň ýeri­ne ýetirilýändigi bar­ada aýdyldy. Prezident Serd­­ar B­erdimuhamedow hasabat­lary diňläp, häzirki ­wagtda alnyp barylýan­ möwsümleýin oba hoja­lyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de häkimlere geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişiniň we oňa ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, ýetişdirilen pagta hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutany Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlerine bu sebitlerde şaly oragynyň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada hem anyk tabşyryklary berdi. Soňra wise-premýer T.­Atahallyýew ýurtda al­nyp barylýan oba hoja­lyk işleriniň ýagdaýy­ barada hasabat berdi­. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi we wise-premýere bugdaý ekişiniň öz wagtynda tamamlanmagyny, ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleriniň depginlerini has-da güýçlendirmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Prezident Serd­­ar B­erdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyklykda we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirmek boýunça öňde goýlan wezipelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we şunuň bilen baglylykda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany şeýle hem ýurdy 2022 --- 2028-n­ji ýyllarda durmuş-yk­dysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyn­a laýyklykda açylyp u­lanmaga berilmegi göz­ öňünde tutulýan dürli­ maksatly binalardaky­ we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglanyşykly degişli görkezmeleri berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir