Daşoguz welaýatynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklarynyň bol hasylly ekin meýdanlarynda şaly oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, ýokumlylygy hem şireliligi taýdan aýratyn tapawutlanýan daşoguz tüwüsi, esasan, welaýatyň Aýböwür ýaýlasynda ýerleşýän S.Türkmenbaşy etrabynda öndürilýär. Etrabyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4750 gektar meýdandan 20 500 tonna, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde bolsa, 3350 gektar ýerden 14 500 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Munuň üçin bu daýhan birleşiklerinde kärendeçileriň ýüzlerçesi bilen şertnama baglaşyldy. Täze hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin kombaýnlaryň 100-den gowragy bökdençsiz işledilýär. Ýöriteleşdirilen bu hojalyklaryň ussat kärendeçileri oragyň ilkinji günlerinde her gektardan 45 — 50 sentner şaly ýygnap, şertnamalaýyn tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etdiler. Welaýat boýunça şalynyň esasy böleginiň öndürilýän ýeri bolany üçin bu etrapda şaly hasylyny aýawly saklamaga hem-de gaýtadan işlemäge niýetlenen kuwwatly kärhana guruldy. Häzirki wagtda bu kärhanada täze hasyl bökdençsiz kabul edilýär hem-de gaýtadan işlenýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir