Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän Ýaşlyk keramzit zawodynda aýba-aý önümçilik meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bu öňdebaryjy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri keramzidiň önümçiliginde zerur bolan ýerli çig maldan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini öndürmekde kämil tehnologiýalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Kärhanada üstümizdäki ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda keramzidiň 10 million 386 müň manatlykdan gowragy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 123,7 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şol döwürde ol ýerde ýokary hilli keramzidiň müňlerçe tonnasy öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz iberildi diýlip, habarda aýdylýar.