Afrikaly erkek kişi aýallardan gorkýandygy üçin 55 ýyl bäri köpçülikden üzňe ýaşaýar diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. 77 ýaşly Kalliçe Nzamwitu 16 ýaşyndaka özüniň aýallardan gaty gorkýandygyna düşündi, her gezek ol zenanlaryň golaýyndaka titräp süňňüni saklap bilmeýärdi, özüni erbet duýýardy. Şondan soň ol öz öýüniň daşyna beýik agaç haýat aýlady we onuň çäginden çykmady. Taýpadaş aýallary ondan öýke-kine etmeýändiklerini gürrüň berýärler hem-de haýatdan oňa egin-eşikdir iýmit oklaýarlar. «Kalliçeniň bizden gorkýandygy geň. Biz oňa kömek etmek isleýäris, emma ol muny islänok, golaý barmagymyzy-da halanok» diýip, ýerli zenanlar aýdýarlar. Hünärmenler Kalliçeniň örän seýrek duşýan ginefobiýa keselinden ejir çekýändigini aýdýarlar, bu kesel «aýallardan gorkmak» keselidir. «Men ýanymda aýallaryň bolmagyny islämok, sebäbi olar meni gorkuzýarlar» diýip, afrikaly goja aýdýar.