Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň dürli künjeginde giň gerimde ýaýbaňlandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň aglabasynyň gurluşyk işlerinde welaýat häkimliginiň Gurluşyk önümleri kärhanasynyň keramzit, bişen kerpiç, beton gurnawlary hem-de beýleki serişdeler giňden ulanylýar. Häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, bölümleriň işleriniň kadaly ýola goýulmagy netijesinde kärhananyň önümçilik kuwwaty ep-esli ýokarlandy. Kärhana boýunça şu ýylyň dokuz aýynda 6 müň kub metr beton gurnawlary, 1 milliondan gowrak bişen kerpiç, 2400 kub metre golaý keramzit taýýarlanyp, olar derhal gurluşyk meýdançalaryna ugradyldy. Şeýlelikde, ýylyň başyndan bäri ýerine ýetiren gurluşyk-gurnama işleriniň pul mukdary 2 million 200 müň manatlyga barabar boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.