«Türkmennebit» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynyň gündelik alyp barýan işlerinde ýer göwsünden alynýan nebitdir gazyň çykarylyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, beýleki zerurlyklar bilen bir hatarda, tehniki-önümçilik suwlaryna-da deň derejede bagly bolup durýar. Günbatar sebitiň nebitçilerini, gazçylaryny, olara ýardam beriji düzümleri süýji agyz suwy bilen birlikde, olaryň tehniki suwlara bolan isleglerini ýeterlik derejede kanagatlandyrmak konserniň Balkanabatdaky Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi. Şu ýylyň başyndan bäri bu kärhana boýunça turbageçirijiler arkaly sarp edijilere akdyrylan suwuň umumy mukdary 2 million 740 müň kub metre golaýladylyp, sarp ediji düzümleriň islegleri artygy bilen berjaý edildi. Bu ýerde diňe bir sentýabr aýynda önümçiligiň ösüş depgini 101 göterime barabar bolup, müdirlik boýunça geçen dokuz aýda umumy taýýarlanylyp, sarp edijilere ýetirilen suwuň dörtden bir bölegine golaýy Ýasga ýerasty kölüniň töwereklerindäki dik guýulardan alnan süýji agyz suwudyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir