Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Kenar» kompaniýasy önümleri Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda uly islegden peýdalanýan, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly kärhanalaryň biridir. Telekeçi Arslan Meredowyň eýeçiligindäki balygy gaýtadan işleýän kärhana 2017-nji ýylyň fewral aýynda işe girizildi we şol döwürden bäri durnukly hem-de üstünlikli ösýär. Häzirki wagtda bu ýerde täze ýerli we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan getirilýän balyklaryň ýylda 300 tonnadan gowragyny gaýtadan işlemek prosesi ýola goýuldy. Kärhana dünýä belli öndürijileriň, şol sanda Germaniýanyň, Polşanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa halkara hil standartlaryna laýyk gelýän dürli balyk önümlerini öndürmäge we dogry şertlerde saklamaga mümkinçilik berýär. Balyklary gaýtadan işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary önümçilik işini galyndysyz görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem balyk çig malynyň islendik görnüşini teňňelerini öňünden arassalap ýa-da şol durkunda süňküni aýyrmak, doňdurylan we sowadylan balyklary böleklere hem-de steýklere bölmek işini üpjün edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir