Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi garamagyndaky kärhanalaryň maddy-tehniki binýadynyň öz wagtynda üstüniň ýetirilmegi we täzelenmegi barada alada edýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ministrlik «ZL50GN» kysymly ýük göteriji tehnikalaryny we onuň üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada Hytaýyň «Xuzhou Construction Machinery Group IMP. & EXP. CO. LTD» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, täze ýük göteriji tehnikalaryň 50 sansysy şu ýylyň awgust aýynda Hytaýdan Türkmenistana getirildi. Alnan tehniki serişdeler ministrligiň düzümine girýän kärhanalaryň ulaglar parkynyň üstüni ýetirdi. Türkmenistanda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga we ýurduň senagat-ykdysady binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen uly göwrümli gurluşyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen baglylykda, döwlet senagat kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça meýilnamalaýyn işler dowam etdiriler. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň düzümine ýurduň ähli welaýatlarynda ýerleşýän 26 kärhana girýär. Olaryň hatarynda Bäherden etrabyndaky, Balkan we Lebap welaýatlaryndaky sement zawodlary, Gökdepe, Kaka, Balkan, Köýtendag we Galaýmor kän müdirlikleri, Aşgabatdaky we beýleki şäherlerdäki «Demirbetonönümleri» kärhanalary, Ýaşlyk keramzit zawody, gazbeton öndürýän zawody, «Nebitmaş» döwlet kärhanasy we beýlekiler bar. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň salgysy: Türkmenistan, 744036, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 132. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 39 00 33; (+993 12) 39 00 01. Faks: (+993 12) 39 00 94; (+993 12) 39 00 88. Elektron poçta: industry@sanly.tm.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir