Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogyny eýelemek ugrunda geçirilýän ýaryşyň ýarymfinallarynyň jogap oýunlary şu ýylyň 18-nji dekabrynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi. Ýarymfinallaryň birinji duşuşyklarynyň netijesinde «Merw» bilen «Ahal» toparlary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnapdylar. Ikinji ýarymfinalda bolsa «Arkadag» topary myhmançylykda 4:1 hasabynda «Altyn asyr» toparyndan üstün çykypdy. Şeýlelikde, «Ahal» – «Merw» hem-de «Arkadag» – «Altyn asyr» toparlarynyň arasyndaky jogap oýny 18-nji dekabrda geçiriler. Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynyň geçiriljek ýeri hem-de wagty soň belli ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir