Türkmenistanda soňky ýyllarda aýakgaplaryň önümçiliginiň ilerlemegine tebigy deri çig malynyň ýokary hil derejesinde işlenip taýýarlanylmagy mümkinçilik berýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen «Röwşen» hususy kärhanasynyň bilelikde esaslandyrmagynda döredilen «Mary deri-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ähmiýeti hem uludyr. «Mary deri-aýakgap» AGPJ-niň işinde, esasan, maldarçylyk pudagynyň tebigy aýratynlyklary bolan derilerden işlenip taýýarlanan ýokary hilli gön önümleri öndürilýär. Ahyrky netijede taýýarlanan önümlerden aýakgap bölüminde «Röwşen» HK-nyň tejribeli hünärmenleriniň we ussalarynyň ýardamy bilen, ýurduň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 1 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylar üçin pasyllara görä dürli görnüşli okuw aýakgaplarynyň önümçiligi alnyp barylýar. Önümçilik kärhanasynyň gön önümleridir aýakgaplary hil taýdan berkligi we çydamlylygy bilen tapawutlanyp, eýýäm gysga döwrüň içinde türkmen sarp edijileri tarapyndan uly islege eýe boldy. Okuwçylar üçin niýetlenen aýakgaplar «Röwşen» HK-nyň we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabatda hem-de ýurduň welaýat merkezlerinde ýerleşýän dükanlarynda, şeýle-de täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan mekdep ýarmarkalarynda alyjylar köpçüligine ýetirilýär. Taýýar gön önümleriniň şertnama esasynda Türkmenistanyň harby edaralarynyň kärhanalaryna we Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde ýerleşýän «Türkmen-Kalkan» aýakgap kärhanasyna, şeýle-de Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumyna ugradylýandygyny bellemek gerek. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 2-nji oktýabryndaky Karary bilen ozalky Marynyň gön zawodynyň binýadynda döredilen kärhanada öň 100-e golaý hünärmen zähmet çeken bolsa, häzirki wagtda bu ýerde 300 töweregi tejribeli hünärmenler işleýär. Önümçilik çygrynyň barha giňeldilmegi netijesinde, kärhanada täze bölümler açylýar we iş orunlary döredilýär. Muňa bolsa dürli önümçilik kärhanalarynyň buýurmalary esasynda işgärleriň gyşky we ýazky iş lybaslaryny tikýän tikinçilik bölüminiň, aýakgaplaryň dabanlygyny öndürýän täze bölümiň işe girizilendigini mysal hökmünde bellemek bolar. Bu bolsa ilatymyza hödürlenýän önümleriň has-da elýeterli bolmagyna ýardam edýär. Ýeri gelende bellesek, «Mary deri-aýakgap» AGPJ-de arassa deriden öndürilýän, aýaga rahatlygy, ykjamlygy, berkligi we daşary ýurtlardan getirilip satuwa çykarylýan aýakgaplardan arzanlygy bilen tapawutlanýan önümleriň assortimentini ýakyn geljekde has ýokary hilli täze önümler bilen baýlaşdyrmak meýilleşdirilýär.