Ýat illerde ýatlar bilen geçýär meniñ ýa$lygym, uniwersitetde okan ýyllam,ýatdan çykmaz açlygym, garnym doýsa,keýpim bolsa 1-2 setir jo$dugym, gysgaçasy $eýleräjik meñ talyplyk ýyllarym. Gazet,£urnal,kitap,depder-meniñ ähli baýlygym, jübimde-de "it uwlaýar",nädeýin,ýok aýlygym, her sagadym hepdä döndi,zordan geçýär aýlarym, hiç dynmajak ýaly geçýär meñ talyplyk ýyllarym. Çilim çeksem,söger diýip ejem dü$ýär ýadyma, sögdürmerin,aç wagtym-a ýeti$medi dadyma, oýun etýän-laý,ba$ym gurban ejemjanyñ adyna, dogan-garda$a zar etdi meñ talyplyk ýyllarym. Synag wagty ýakynla$sa,dünýe dar geler saña, kitaplañ bilen gürle$ip,her gün ýetersiñ daña, dynç alara wagt tapmarsyñ agyr derslerden ýaña, dersler bilen ýadaw geçýär meñ talyplyk ýyllarym. Ýat illeriñ gyzlary hem hiç owadan bolanok, ýüzüñ ýüzlerne gülse hem,hiç ýüregiñ gülenok, türkmen gözeliniñ ýerine hiç gözel taý gelenok, gyzsyz ýakdy ýa$lygymy meñ talyplyk ýyllarym. Nesip bolsa,bir gün dynar bu jepaly seneler, ýerimize ba$galary okamaga gelerler, $u go$gyny okasalar,maña mamla diýerler, hem gyzykly,hem gyzyksyz meñ talyplyk ýyllarym.
Meñ talyplyk ýyllarym (degi$me)
-
Auditor
13 years ago
- Hehehe friendship elerine guler btsn otdushi
-
ahmetjan18
13 years ago
- berekella ajaýyp goshgy
-
idealman
13 years ago
- mlyaaaaaaaaaaaa,agladyan,guldurdyan.ellerin sen altyndan,ay yok,brilliantoplatinadanmy namemi.gaty gowy yazypsyn.mena gowy gordum.yone shu yerina men kan ozume yakyn diyip biljek dal,
Synag wagty ýakynla$sa,dünýe dar geler saña,
kitaplañ bilen gürle$ip,her gün ýetersiñ daña,
dynç alara wagt tapmarsyñ agyr derslerden ýaña,
dersler bilen ýadaw geçýär meñ talyplyk ýyllarym.
ay synagam bir zady bolarlay,okamanam gechip bolyar))))
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- friendship bu betje go$gyny ozun duzdunmi yaman gowuja eken. Sen hakykatdanam $ahyr bolmaly ekenin
-
idealman
13 years ago
- kerim aga bilen gatyshyan yerin yokmy sen?
-
Auditor
13 years ago
- Mena 5nji kupleti soydum dijek
-
Friendship
13 years ago
- Ýok, batyr!:-D
-
Auditor
13 years ago
- Shu goshgy diysen dimesen betje
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- hawwa hemem gytja
kemaljan 13 years ago- dost howesi ga4yrdyna