16-njy oktýabrda Almatyda Merkezi Aziýanyň zenanlar dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Gazagystanyň baştutanlygynda geçen bu çäre BMG-niň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Zenanlar we maşgala-demografiýa syýasaty boýunça milli toparyň goldawy bilen guraldy. Gazagystanyň Parlamentiniň Majilisiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, maslahatyň çäginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň parlamentleriniň wekilleri, Täjigistan Respublikasynyň hökümetiniň ýanyndaky Zenanlar we maşgala meseleleri boýunça toparyň wekilleri, gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, diplomatik edaralaryň, döwlete degişli däl pudagyň wekilleri hem-de jemgyýetçilik işgärleri duşuşdylar. Çykyşlarda häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerindäki dürli syýasy ýagdaýlaryň netijesinde zenanlaryň ornunyň pugtalanýandygy bellenildi. Tematiki sapaklaryň dowamynda foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýadaky täze howpsuzlyk meseleleri we sebitde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» meýilnamasyny öňe sürmegiň mümkinçilikleri barada durup geçdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar BMG Howpsuzlyk Geňeşiniň sebitdäki «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» Kararnamasynyň ýerine ýetirilişini güýçlendirmek üçin şertleri döretmek baradaky jemleýji resminamany kabul etdiler.