2026-njy ýylda Belgiýada dünýädäki ilkinji «Energiýa adasy» peýda bolar diýip, «Habar 24» ýazýar. Ol golaýda ýerleşýän ýel beketleri tarapyndan öndürilýän energiýany paýlar hem-de Belgiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Daniýanyň energiýa ulgamyny birleşdirer. Ada «Şa zenan Ýelizaweta» diýip at dakmak meýilleşdirilýär. Ol ýurduň kenarýakalaryndan 45 kilometrlikde ýerleşer. Adanyň gurluşyk işlerine geljek ýylyň martynda başlamak meýilleşdirýär. Onuň daşky gurşawyny ummanyň düýbündäki beton gurnamalaryndan bina etmekçi bolýarlar. Içki bölegi bütin infrastrukturany ýerleşdirmek üçin çäge bilen doldurylar. Beýik diwarlar çägi şemaldan, ýagyşdan we tolkunlardan gorar.