Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisde 20-den gowrak meselä garaldy diýip, Täjigistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär. Bellenilişi ýaly, mejlisiň gün tertibine laýyklykda, GDA agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara gün tertibindäki häzirki meseleler we Arkalaşygyň çägindäki özara gatnaşyklar dogrusynda pikir alyşdylar. Çykyşlarda çalt üýtgeýän dünýäde GDA döwletleriniň soňky ýyllarda birleşen tagallalary esasynda köp sanly üstünlikleri gazanandyklary nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň häzirki derejesine üns çekildi. Hususan-da, GDA döwletleriniň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunda Arkalaşygyň halklary üçin möhüm sene bolan Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyny bellemäge görülýän taýýarlyk işleri barada durlup geçildi. Mundan başga-da, sebitara hyzmatdaşlyk, howpsuzlyk, halkara terrorçylyga we guramaçylykly jenaýata garşy göreş ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Jenaýatdan alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagy we terrorçylygy maliýeleşdirmek töwekgelçiligini bahalandyrmak boýunça halkara merkezi döretmek baradaky Ylalaşygyň, Kazyýet işi boýunça Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň utgaşdyryjy Geňeşini döretmek baradaky Ylalaşygyň, 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Jenaýata garşy göreşmek boýunça döwletara Maksatnamanyň, şeýle-de Rus dili boýunça halkara guramany döretmek baradaky Ylalaşygyň taslamalary tassyklanylyp, olar gol çekmek üçin GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň garamagyna hödürlenildi. Şeýle-de taraplar GDA-nyň daşary işler ministrleriniň indiki mejlisini 2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minsk şäherinde geçirmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir