Şu gün Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda «Zenan eliniň çeperligi — haly, keşde, keçede» atly halkara dialog geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçen bu halkara çärä Azerbeýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň haly, keçe we keşdeçilik sungaty ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada HHM habar berdi. Dabaranyň başynda täze Arkadag şäheri bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi. Şeýle hem halkara dialoga sanly ulgam arkaly gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň milli halyçylyk, keşdeçilik sungatlary we zenanlaryň el işleri baradaky çykyşlary diňlenildi. Olarda her halkyň milli aýratynlygyny emele getirmekde sungat derejesine ýetirilen senetçilik el işleriň aýratyn ornunyň bardygy bellenildi. Dialoga gatnaşyjylar mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek, tejribe alyşmak barada ylalaşdylar diýlip, habarda aýdylýar.