Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzerden hoşallyk haty gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Katrina Klaas-Mýulhoýzer iberen hatynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenmek bilen, şeýle belleýär: — Siziň türkmen wekiliýetine baştutanlyk edip, Berline amala aşyran saparyňyz hem-de 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda geçirilen «Geljegi strategik taýdan bilelikde emele getirmek — Merkezi Aziýa bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek» mowzugy boýunça duşuşyga işjeň gatnaşandygyňyz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Aşgabatda bolan duşuşykdan soň, Sizi we türkmen wekiliýetini Berlinde mübäreklemek meniň üçin uly hormat boldy. Biziň ykdysady gatnaşyklarymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge çalyşýandygymyz bilen baglylykda, nemes işewür toparlary Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýärler. Germaniýa, ilkinji nobatda bolsa, Kansler Şols bu çakylyk bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şeýle hem sebitleriň, ýagny Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uly kuwwatynyň bardygyny ýene-de bir gezek aýdyňlyk bilen görkezdi. Bilelikde belent sepgitlere ýetip bolýar! German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň bu formaty saklap galmagy başarandygy meniň üçin aýratyn ýakymlydyr. Şu komitetiň çäklerinde, Berlinde bolan duşuşygyň barşynda görkezilen ulgamlarda, aýratyn hem, oba hojalygynda bilelikdäki anyk taslamalary ilerledip biljekdigimize ynanýaryn. Şeýle hem pursatdan peýdalanyp, Aşgabada gelmäge çakylyk hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli 27-nji sentýabrda geçirilen giň gerimli we haýran galdyryjy dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirýärin. Bu baýramçylyk bilen Sizi ýene-de bir gezek gutlamak isleýärin. Elbetde, şol günlerde Siziň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen netijeli söhbetdeşlikler aýratyn ähmiýete eýe boldy. Mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga umyt edýäris we Berlinde nobatdaky bilelikdäki işewürler maslahatynyň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir