Ozal habar berşimiz ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzerden türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty gelip gowuşdy. Katrina Klaas-Mýulhoýzer iberen hatynda german tarapynda Türkmenistan bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga umyt edilýändigini we Berlinde nobatdaky bilelikdäki işewürler maslahatynyň geçirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny nygtaýar. Şeýle-de «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer Berlinde bolan duşuşygyň barşynda görkezilen ulgamlarda, aýratyn hem, oba hojalygynda bilelikdäki anyk taslamalary ilerledip boljakdygyna ynanýandygyny hem belleýär.