Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşir halkyň taryhy-medeni mirasy, şol sanda golýazma, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýaty öwreniş we taryh ylymlary ulgamynda barlaglaryň netijeleri bilen okyjylary tanyşdyrmagy dowam edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň suraty žurnalyň daşyny bezeýär. Onuň goşgulary geçmiş bilen şu güni özara baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär. Neşiriň ilkinji sahypalarynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Bütindünýä welosiped güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Gutlaglaryna orun berlipdir. Däp bolan «Açyşlar we täze işläp taýýarlamalar» bölüminde «Berkarar döwlet» ideýasy: Azady we Magtymguly» atly makala ýerleşdirilipdir. Onda berkarar döwletiň kemala gelmegine Azady hem-de Magtymguly ýaly şahsyýetleriň parasatly pikirleriniň täsir edendigi barada gürrüň berilýär. Neşir «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn» bölümi bilen jemlenýär. Onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylyň ikinji çärýeginde ýurduň jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär. Türkmen, iňlis we rus dillerinde, ýokary çap usulynda neşir edilen žurnal giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenip, häzirki zaman sungat ussatlarynyň nakgaşlyk eserleri we fotosuratlary, seýrek muzeý hem-de arhiw maglumatlary, kartografik suratlar bilen bezelipdir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir